- dürsemek
- işlikÝagdaýyňy gowulandyrmak, hal-ýagdaýyňy oňatlaşdyrmak, özüňi tutmak, özüňi rastlamak.∙ Oňa özüni dürsemäge maý bermedi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)∙ Her näme hem bolsa, ol özüni birneme dürsedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ol şeýle diýdi-de, uludan demini dürsedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Ýokary geç, otur, demiňi-dagy bir dürse ahyry -- diýip, ýerinde oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.